BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýa taze embargo goýdy

Taslama 15 ýurduň bir agyzdan ses bermegi bilen kabul edildi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi  Demirgazyk Koreýa taze embargo goýdy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ýadro maksatnamasyny we balistiki roketa synaglaryny dowam etdirýän Demirgazyk Koreýa taze embargo goýulmagyny talap edýän karar taslamasyny tassyklady.

Demirgazyk Koreýanyň 2006-njy ýylyň 3-nji sentýabryndan bäri iň güýçli we 6-njy ýadro synagyny geçen hepde geçirmeginden soň ABŞ tarapyndan taýarlanan we Demirgazyk Koreýa ykdysady taýdan täze embargo goýulmagyny öz içine alýan karar taslamasy BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine hödürlenipdi.

Taslama 15 ýurduň bir agyzdan ses bermegi bilen kabul edildi.

Şeýlelikde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ýadro maksatnamasy sebäpli Demirgazyk Koreýa 2006-njy ýyldan bäri ykdysady we harby embargolary öz içine alýan 9-njy kararyny kabul etdi.

Täze embargolar Demirgazyk Koreýanyn nebit we nebit önümlerini eksportyny çäklendirýär.

 



Degişli Habarlar