Gurban baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Gurban baýramy namazyny okamak isleýän adamlar irden metjitlere bardylar

799752
Gurban baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Stambula tapawutly ýerlerden gelen adamlaryň duşuşyk ýeri metjitler boldy.

Metjitler dolanlygy sebäpli adamlar namazlaryny daşarda okamaly boldylar.

Baýram namazyndan ozal yslam dünýäsi üçin dogalar okaldy. Baýram namazyndaky wagyzda bolsa gurban paýlamagyň möhümdigi aýdylyp geçildi.

Namazdan soň metjidiň howlusynda we bakjasynda jemlenen adamlar biri-birleriniň baýramlaryny gutladylar.

Germaniýanyň Kýoln şäherinde ýaşaýan musulmanlar şu gün irden Din işler guramasynyň Türk-yslam birligi merkezini dolduryp, namaz okadylar.

Russiýanyň paýtagty Moskwada müňlerçe adam baýram namazyny okamak üçin Prospekt Miradaky merkezi metjide bardylar.

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde musulmanlar Gurban baýram namazyny Nur Astana metjidinde okadylar. Namazdan soň metjidiň howlusynda nahar hödür-kerem edildi.

Awstraliýada ýaşaýan takmynan 600 müň musulman hem Gurban baýramy namazy üçin ýurtdaky 200-den gowrak metjitde bir ýere jemlendiler. Musulmanlar ilki bilen erte namazyny okadylar, soň bolsa baýram wagyzyny diňlediler.

Dünýäniň iň köp musulman ilatyna eýe bolan Indoneziýanyň paýtagty Jakartada metjitlere sygmaýan adamlar ýollary ýapyp, ol ýerde baýram namazyny okadylar.

Balkan ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlar Gurban baýramy namazyny okamak üçin metjitlere üýşdüler.

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewodaky taryhy Gazy Hüsrew metjidi baýram namazynda doldy.



Degişli Habarlar