Gani “Trampa we Amerikan halkyna minnetdarlyk bildirýärin”

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurdundaky Amerikan esgerleriniň öz işini dowam etdirmegi hakyndaky kararyndan hoşaldygyny aýtdy

Gani “Trampa we Amerikan halkyna minnetdarlyk bildirýärin”

Gani “Sebiti terror howpundan halas etmek üçin alyp barýan göreşimize berýän goldawlary sebäpli Trampa we Amerikan halkyna minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Eşref Gani täze strategiýanyň Owgan milli howpsyzlyk güýçleriniň tälim mümkinçiligini artdyrjakdygyny nygtady.

Terror guramasy Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabiullah Müjahidi bolsa Trampyň Owganystan kararyny ýazgardy.

Müjahidi Owganystanyň ABŞ üçin gonamçylyga öwrüljekdigi sebapli resmi Waşingtonyň Owganystan strategiýasyny ýaňadandan gözden geçirmelidigini öňe sürdi.

 



Degişli Habarlar