Owganystanda ýene-de bir amerikaly esger ýogaldy

Owganystanyň gündogarynda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilýän operasiýada NATO-nyň çäginde söweşýän ýene-de bir amerikaly esger ýogaldy

Owganystanda ýene-de bir amerikaly esger ýogaldy

ABŞ-nyň Owganystandaky harby birikmelerden berilen beýanatda DAIŞ-e garşy ýurdyň gündogarynda geçirilýän operasiýada ýaralanan amerikaly we owgan esgerleriniň hassahana ýatyrylandygy habar berildi.

Nangarharyň welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani amerikaly esgeriň Nangarhar welaýatynyň Açin etrabyndaky operasiýada ýogalandygyny mälim etdi.

ABŞ-ly esgerler Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda DAIŞ-e garşy geçirilýän operasiýalarda Owganystanyň howpsyzlyk güýçlerine goldaw berýär.

ABŞ-nyň Owganystanda takmynan 8400 esgeri bar.

Nangarharyň Içeri işler müdürligi ady agzalan operasiýada terror guramasy DAIŞ-e agza 45 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar