Gwatemaladaky hassahanalaryň birine hüjüm guraldy

Hadysada 7 adam ýogaldy

Gwatemaladaky hassahanalaryň birine hüjüm guraldy

Gwatemaldaky Ruzwelt hassahanasyna giren ýaragly adamlaryň od açmaklary netijesinde 7 adam ýogaldy.

Paýtagt Gwatemaladaky hassahananyň müdüriniň orunbasary hüjümde şeýle hem 1-i çaga bolan 12 adamyň ýaralanandygyny, ýaralanan çaganyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

Hassahana garşy ozal hem şuňa meňzeş hüjümleriň guralandygyny aýdan müdüriň orunbasary hökümetden goşmaça çäreleriň almagyny isleýändiklerini belledi.

Polis gullugy hüjümi gurandygy öňe sürülen 5 adamyň tussag edilendigini, bu adamlaryň Mara Salwatruça jenaýat toparynyň agzalarydygyny habar berdi.

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda hem hüjümçileriň käbir testler üçin tussaghanadan hassahana alynyp gidilen liderleri Anderson Daniel Kabrera Kifuntesi halas etmek isländiklerini belledi.


Etiketkalar: lider , polis , topar , hassahana , Gwatemala

Degişli Habarlar