Eýran žurnalistlere çäklendirme goýdy

Eýranyň kazyýeti “BBC-niň” Parsça gullugynyň häzirki we ozalky işgärlerinden 152 žurnalistiň emlägini saklady

790896
Eýran žurnalistlere çäklendirme goýdy

Paýtagt Tähranyň Ewin tussaghanasyndaky Şahid Mogadas kazyýetiniň kararyna laýyklykda žurnalistler emläk alyp-satyp bilmez, pul geçirmek bilen birlikde haýsydyr bir maliýe işini amala aşyryp bilmez.

“BBC-niň” alan maglumatyna görä kazyýetiň karary 152 adamyň maşgala agzalaryna-da täsirini ýetirer. Kararyň “BBJ” bilen birlikde pars dilinde ýaýlym berýän beýleki daşary ýurt habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistleri hem öz içine alýandygy çaklanylýar.

Kararyň sebäbi beýan edilmedi, Eýranyň degişli ýolbaşçylary karardan ozal haýsydyr bir duýduryş hem bermedi.

“BBC-niň” Dünýä gullugynyň baş müdiri Frankes Unsworth mesele barada beren beýannamasynda; “Parsça gullugynyň işgärleri, ozalky işgärleri we gulluga goldaw berýän garaşsyz habarçylara garşy kabul edilen karar bizi gynandyrýar. “BBC” bilen bolan gatnaşyklary sebäpli adamlaryň kanuny we maliýe jezalaryna sezewar edilmekleri düşnüksiz. Eýranly ýolbaşçylara kazyýetiň kararyny dessine bes etmekleri we “BBJ-niň” işgärleri bilen ozalky işgärleriniň beýleki raýatlar bilen deň hukuklardan peýdalanmaklaryna rugsat bermekleri üçin çagyryş edýäris” diýdi.

“BBC-niň” Parsça gullugynyň redaktory Amir Azimi hem kazyýetiň kararynyň Eýranda “garaşsyz žurnalistleriň sussunyň basylmagy ugrundaky” tagallalardan biridigini beýan etdi.



Degişli Habarlar