Sýerra-Leonedäki tebigy apat sebäpli ýogalan adamlaryň sany artýar

Günbatar Afrikada ýerleşýän Sýerra-Leoneniň paýtagty Fritaunda duşenbe güni bolan ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany 400-e ýetdi

791032
Sýerra-Leonedäki tebigy apat sebäpli ýogalan adamlaryň sany artýar

Hökümetiň metbugat geňeşçisi azyndan 600 adamyň hem dereksiz ýitendigini habar berdi.

Ýurdyň Prezidenti Ernest Bai Koroma uly bir betbagtçylygy başlaryndan geçirendiklerini belläp, gyssagly ýagdaýda kömek çagyryşyny berdi.

Morglary boşaltmak üçin ýogalanlaryň köpçülikleýin ýagdaýda gömüljekdigi mälim edildi.

Ýurdyň Prezidenti Ernest Bai Koromanyň metbugat sekretary Abdulai Baraýtaý jesetleriň häzirki wagtda hem ýeriň aşagyndan çykarylýandygyny nygtap: “Bütin adamlar häzirki wagtda ýasda. Ýakyn hossarlaryny tapyp bilmeýän adamlaryň sany 600-den gowrak” diýdi.

BMG bu ýurtda bar bolan toparlaryň halas ediş işlerine gatnaşmak üçin herekede geçendigini belledi.



Degişli Habarlar