Hytaý Koreýa Ýarymadasyndaky ýadro meselesiniň çözülmegi üçin tagalla edýär

Germaniýanyň Daşary işler ministri Gabriel Hytaýyň Koreýa Ýarymadasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin edýän tagallasyny takdyr etdi

Hytaý Koreýa Ýarymadasyndaky ýadro meselesiniň çözülmegi üçin tagalla edýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Koreýa Ýarymadasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmelidigini nygtady.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Wangyň rus kärdeşi Lawrow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde iki taraply gatnaşyklar we sebitara meseleler bilen birlikde Koreýa Ýarymadasyndaky ýagdaý hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýanata görä, Wang Koreýa Ýarymadasyndaky ýadro meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmeginiň ähli taraplar üçin bähbitlidigine ünsi çekdi.

Wang Resmi Waşington bilen Phenýanyň meçew beriji çykyşlardan we hereketlerden gaça durmalydygyny nygtady we hiç kimiň Hytaý bilen Russiýanyň bosagasynda dartgynlygyň möwjemegine rugsat bermejekdigini ýatlatdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow hem Demirgazyk Koreýanyň ýadro meselesiniň harby taýdan çözülmeginiň kabul edilmejekdigini we meseläniň syýasy we diplomatiýa arkaly çözülmelidigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Germaniýaly kärdeşi Gabriel bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde hem taraplaryň adamzada we taryha garşy jogapkärçilikli hereket etmelidigini belledi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Gabriel Hytaýyň Koreýa Ýarymadasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin edýän tagallasyny takdyr etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar