ÝB ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla edýär

ÝB ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin 2 ýurt bilen birlikde degişli ýurtlaryň paýtagtlarynda gepleşik geçirer

790067
ÝB ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin tagalla edýär

ÝB-niň Syýasy işler we howpsyzlyk komiteti, ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär ýokary wekili Federika Mogeriniň ýolbaşçylyk etmeginde Demirgazyk Koreýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýusselde jemlenişdi.

Mogerini maslahatdan soň beren ýazmaça beýanatynda dartgynlygyň gyssagly gowşamalydygyny nygtady.

Mogerini beýanatynda  Demirgazyk Koreýa ”sebitara we halkara derejesinde dartgynlyklary möwjetjek hereketlerinden gaça durmagy” çagyryşyny berdi.

Mogerini ÝB-niň dartgynlygyň gowşamagyny we Koreýa Ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan dolulygyna saplanmagyny maksat edinýän diplomatik tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar