Tebigy apatda ýogalanlaryň sany 312 adama ýetdi

Tebigy apatdan soň gözleg we halas ediş işlerinde häzire çenli ýeriň aşagynda 312 adamyň jesedi tapyldy

789924
Tebigy apatda ýogalanlaryň sany 312 adama ýetdi

Günbatar Afrika ýurdy Sýerra Leoniň paýtagty Fritaunda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli gelen silde we ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 312 adama ýetdi.

Tebigy apatdan soň gözleg we halas ediş işlerinde häzire çenli ýeriň aşagynda 312 adamyň jesedi tapyldy.

Wise-prezidenti Wiktor Bokarie Foh ýeriň aşagynda ýene-de ýüzlerçe adamyň bardygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirdi.

Tebigy apat sebäpli köp sanly öýüň hem ýeriň aşagynda galandygy habar berildi.

Gözleg we halas ediş işlerine esgerler hem goldaw berýär.

 



Degişli Habarlar