DAIŞ Eýrana hüjüm guramak bilen haýbat atýar

Terror guramasy DAIŞ täze bir wideo çap edip, Eýrana hüjüm guramak bilen haýbat atýar

DAIŞ Eýrana hüjüm guramak bilen haýbat atýar

Wideoda ýüzleri maskaly DAIŞ-e agza terrorçylar ellerinde kalaşnikow ýaraglary bilen Eýranyň paýtagty Tähranda hüjüm gurajakdyklaryny öňe sürýärler.

Wideoda gürleýän terrorçynyň parsça aksendi ünsleri özüne çekýär.

Wideoda mundan başgada Tähranda iýun aýynda 18 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen 2 aýry hüjümiň jogapkärçiligini hem DAIŞ-iň öz üstübe alandygy ýatladylýar.

Terror guramasy DAIŞ ilatynyň aglabasy şaýy musulmanlardan ybarat Eýrany sebitidäki iň möhüm duşmanlaryndan biri hökmünde hasaplaýar.

 


Etiketkalar: wideo , parsça , şaýy , ilat , haýbat , Eýran , DAIŞ

Degişli Habarlar