4 ýurtda 20 million adam gytlyk howpuna sezewar

BMG çaknyşyklar sebäpli 4 ýurtda 20 million adamyň gytlyk howpuna sezewardygyny mälim etdi

4 ýurtda 20 million adam gytlyk howpuna sezewar

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Ýemende, Somalide, Nigerýanyň demirgazygynda we Günorta Sudanda çaknyşyklar sebäpli 20 million adamyň gytlyk howpuna sezewardygyny mälim etdi.

Howpsyzlyk geňeşiniň 15 agzasynyň goly bilen çap edilen jarnamada 4 ýurtdaky çaknyşyklaryň asuda ilata ýaramaz täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Jarnamada ady agzalýan ýurtlarda çaknyşýan taraplaryň halka ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat bermeýändigi sebäpli 20 million adamyň gytlyk howpuna sezewardygy ýatladyldy.

Jarnamada çaknyşykýan taraplara ynsanperwer kömeklere rugsat berilmegi we asuda ilatyň ýogalmagy çagyryşy berildi.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde kabul edilen jarnama hakynda ýazmaça beýanat beren ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý gytlygyň parahatçylyk we howpyzlyk bilen arabaglanşygynyň bardygyny nygtady we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň ilkinji gezek çaknyşyklar we gytlyk bilen arabaglanşykly teksti kabul edendigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: jarnama , sezewar bolmak , howp , gytlyk

Degişli Habarlar