“Türkiýäniň PKK baradaky aladalaryna düşünýäris”

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkiýäniň aýralykçy terror guramasy PKK baradaky aladalaryna düşünýändigini belledi

“Türkiýäniň PKK baradaky aladalaryna düşünýäris”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hezer Nauert gündelik metbugat ýygangynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi.

“Türkiýäniň günorta serhedine harby güýç üýşürmegine alada bildirýärsiňizmi?” diýen soraga Nauert Türkiýäniň NATO-nyň möhüm bir hyzmatdaşydygyny belledi. Nauert sözlerini şeýle dowam etdirdi: “ABŞ Türkiýäniň aladalaryna ähmiýet berýär we Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen aragatnaşyk saklaýar. Türkiýäniň PKK barada aladalary bar we biz olara düşünýäris. Sebitleýin meseleler bar. PKK terror guramasydyr we biz guramanyň guran hüjümlerini ýazgarýarys” diýdi.



Degişli Habarlar