Pekin Waşingtony öjükdirmek bilen günäkärledi

Hytaý Günorta Hytaý deňizindäki Nanşa adalaryna golaýlaşan ABŞ-nyň harby gämisi sebäpli resmi Waşingtony öjükdirmek bilen günäkärledi

Pekin Waşingtony öjükdirmek bilen günäkärledi

Daşary işler ministrliginiň merbugat geňeşçisi Gyng Şuang beren ýazmaça beýanatynda ABŞ-nyň Harby flotyna degişli “USS John S. McCain” atly gäminiň düýn Hytaýyň hökümetinden rugsat alynman Nanşa adalaryndaky Meýji rifine golaýlaşandygyny habar berdi.

Deňiz güýçleriniň şol hereketi sebäpli harby gämä uzaklaşmagy barada duýduryş berendigini aýdan Gyng: “Hytaýyň özygtyýarlygyna we milli howpsyzlygyna zeper ýetirendigi sebäpli ABŞ-ny protest edýäris” diýip nygtady.

Fillipinleriň paýtagty Maniladaky Günort-gündogar Aziýa ýurtlar bileleşigi ASEAN-yň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda Günorta Hytaý deňizinde dartgynlygyň azaldylmagy üçin konstruktiw ädimler edelendigini ünsleri çeken Gyng: “Sebitden daşary bolan käbir ýurtlar azatlyk bahanasy bilen sebitdäki oňaýly ýagdaýy bozamaga synanyşýar” diýdi.

ABŞ-nyň harby gämisiniň sebitdäki barlygynyň Günorta Hytaý deňizinde ýagdaýy kimiň dartgynlaşdyrmaga synynyşýandygyny we haýsy tarapyň sebiti harbylaşdyrýandygyny aýdyň görkezýändigini nygtan Gyng: “ABŞ-nyň Günorta Hytaý deňizindäki harby öjükdirmeleri Hytaýyň milli howpsyzlyk güýjüni has hem artdyrmagyna sebäp döredýär” diýip belledi.



Degişli Habarlar