Fransiýada adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň 1-nji noýabrdan başlap bes edilmegi maksat edinilýär

Fransiýanyň Premýer ministri Eduard Filippe ýurtdaky adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň 1-nji noýabrdan başlap bes edilmegini maksat edinýändiklerini aýtdy

787395
Fransiýada adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň 1-nji noýabrdan başlap bes edilmegi maksat edinilýär

Premýer ministr Filippe paýtagt Parižde harby ulaga guralan we 6 esgeriň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümçini tussag eden howpsyzlyk güýçlerini gutlandan soň adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi hakynda maglumat berdi.

“2015-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri adatdan daşary ýagdaý dolanşygy dowam edýär” diýen Premýer ministr 1-nji noýabrdan başlap adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň bes edilmegini maksat edinýändiklerini aýtdy.

Fransuz Premýer ministri “adatdan daşary ýagdaý dolanşygy diňe wagtlaýyn dolanşyk bolmaly”diýip belledi.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň bes edilmeginden soň hem Fransiýanyň howpsyzlygyny üpjün etmek  we terrora garşy göreş üçin täze kanun taslamalaryny taýarlajakdyklaryny aýdan Premýer ministr Filippe, hukuk döwletiniň çäginde fransuzlaryň howpsyzlygyny üpjün etmege dowam etjekdiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar