ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky sözli duel dowam edýär

“Gazap bilen ýüz-ýüze gelerler” sözleriniň ýeterlik derejede bolmandygyny aýdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýa garşy beýanat bermegini dowam etdirdi

ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky sözli duel dowam edýär

Tramp Demirgazyk Koreýa bilen başda geçirilýän dartgynlyk bilen birlikde ençeme meseläniň ara alynyp maslahatlaşylan milli howpsyzlyk maslahatyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Hepdäniň başynda “Ýurdunyň gazaby bilen ýüz-ýüz geler” diýen sözlerine Demirgazyk Koreýanyň “Bolgusyz” hökmünde häsýetlendirendigini ýatladan Tramp: “Bu aýdanlarymy ilkinji gezek eşidýärler. Adamlar bu beýanatyň örän berkdigini pikir edýärler. Belkem beýanatym ol diýen berk hem däldi” diýip belledi.

Donald Tramp bu beýanatdan has berk beýanat berip-bermejekdigi bilen baglanşykly berilen soraga “Görersiňiz” diýip jogap berdi.

Beýleki tarapdan Demirgazyk Koreýa bilen gepleşiklere açykdyklaryny aýdan Tramp eýýäm 25 ýyl bäri gepleşikleriň dowam edýändigini emma netije alyp bolmaýandygyny habar berdi.

Tramp: “Bu ýurdyň halky arkaýyn bolsun. Eger Demirgazyk Koreýa halaýanlarymyza, wekilçilik edýänlerimize, hyzmatdaşlarymyza ýa-da bize garşy hüjüm guramagy aklyndan hem geçirse örän alada etsin. Alada etsinler, sebäbi mümkin bolmaýar diýip pikir edýänleri öz başlaryna geler” diýdi.



Degişli Habarlar