Germaniýada ýiten türk boksçynyň jesedi tapyldy

Germaniýanyň Gamburg şäherinde 23-nji iýunda ýiten türk boksçy Tunahan Keseriň awtomagistrala ýakyn tokaýda jesedi tapyldy

776183
Germaniýada ýiten türk boksçynyň jesedi tapyldy

Nemes Morgenpost gazediniň berýän habaryna görä 22 ýaşly Keseriň jesedi bir ýük ulagynyň sürüjisi tarapyndan A7 ýolunyň golaýyndaky tokaýda tapyldy.

Keseriň kakasy Jemil Keser oglunyň jesedini tanandygy mälim edildi.

Gamburg şäherinde ýaşaýan Tunahan Keser 23-nji iýunda ringe çykjakdy. Emma duşuşyk goý bolsun edildi.

23-nji iýunda sagat 00:30-da Ýewropanyň ozalky çempiony we Tunahanyň tälimçisi Khoren Gewor şahsyýeti anyklanmadyk adamlar tarapyndan tüpeň bilen aýagyna atyldy.

Şol hüjümden 17 sagat soň şäheriň Kollau köçesindäki işleýän ýerinden çykan Tunahan Keser ýitdi.

Gamburg şäheriniň polisiýa gullugy Keseriň şol gün soňky gezek sagat 17:30 töweregi görülendigini habar berdi.



Degişli Habarlar