Ysraýyl öjükdiriji hereketlerini dowam etdirýär

Geçen hepdäniň anna günündäki wakalardan soň Aksa metjidi terror bahanasy bilen ybadata ýapylypdy

Ysraýyl öjükdiriji hereketlerini dowam etdirýär

Ysraýylyň Içerki howpsyzlyk ministri Gilad Erdan Aksa metjidiniň musulmanlara ýapylmagy bilen baglanşykly: “Aksa metjidi biziň elimizde. Açylyp-ýapylmagy babatynda ilkinji we soňky söz Ysraýyla degişlidir” diýdi.

Ministr Iordaniýada geçirilen Ysraýyla garşy demonstrasiýalarda bolsa Aksa metjidiniň Ysraýylyň özygtyýarlylygynyň astyndadygyny we beýleki ýurtlaryň mesele bilen baglanşykly näme pikir edýändiklerini biperwaý garaýandyklaryny habar berdi.

Geçen hepdäniň anna güni Aksa metjidiniň howlusynda palestinaly 3 ýaş oglan basyp alyjy Ysraýyl polisi tarapyndan atylyp, öldürilipdi.

Şondan soň Aksa metjidi terror bahanasy bilen ybadata ýapylypdy.



Degişli Habarlar