PÝD ABŞ-nyň beren ýaraglary bilen hüjüm guramak isleýär

Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD ABŞ-niň beren ýaraglary bilen Azez we Mare ýaly sebitlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýär

PÝD ABŞ-nyň beren ýaraglary bilen hüjüm guramak isleýär

ABŞ tarapyndan tälim berilen 2 müň terrorçyny taýarlan PÝD indi bolsa Burseýa we Kala Saman sebitlerine harby ýarag we ulag üýşürýär.

Gurama ýakyn bolan çeşmeler amerikan hünärmenleri tarapyndan DAIŞ-e garşy söweş üçin tälim berilen terrorçylaryň sanynyň 14 müňden geçendigini belleýär. 

DAIŞ bahanasy bilen PÝD guramasyna berilen ýaraglar Afrin-Tel Ryfat liniýasyna üýşürilýär.

Aýnel Arap-Münbiç-Şeýh Maksud-Nubbul liniýasy ulanylyp Afrine ýetirilýän ýaraglar we ok-däriler ol ýerden bolsa çaknyşyk bolýan ýerlere gönükdirilýär.

 


Etiketkalar: Afrin , DAIŞ , ok-däri , ýarag , ABŞ , gurama , PKK , PÝD

Degişli Habarlar