Pişikleriň ganhory 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda 21 pişigi öldüren Robert Roý Farmer 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Pişikleriň ganhory 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Santa-Klara ýokary kazyýeti 26 ýaşly Farmeriň azat bolanyndan soň hem 19 ýylyň dowamynda pişik saklamagy we olary ideg etmegi gadagan edildi.

Ýerli gazet “Mercury News” San-Žozedäki Kambrian Park sebitinde 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap duýdansyz ýagdaýda ýitmäge başlan pişikleriň öli ýagdaýda tapylmaga başlanmagy bilen derňew işi gozgalypdy.

Farmeriň 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda San-Žozede ulagynda ýatyrka göz tussaglygyna alynandygy we günäsini boýun alandygy ýatladyldy.

San-Žozeniň polisi pişikleriň ganhorynyň göz tussaglygyna alynan mahaly ulagynda aw pyçagynyň we öli bir pişigiň bardygyny habar beripdi.


Etiketkalar: ulag , ganhor , pişik , ştat , Kaliforniýa

Degişli Habarlar