Katar Britaniýa bilen birlikde harby türgenleşik geçirýär

Kataryň we Britaniýanyň deňiz güýçleri Kataryň gara suw giňişliginde bilelikde harby türgenleşik geçirýär

Katar Britaniýa bilen birlikde harby türgenleşik geçirýär

Kataryň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Kataryň Emirligine tabynlykdaky Deňiz güýçleri bilen Kataryň ýörite deňiz güýçleriniň Britaniýanyň deňiz güýçleri bilen 2 aýry türgenleşik geçirýändigi nygtaldy.

Beýanatda iki ýurduň deňiz güýçleriniň arasyndaky arasyndaky türenleşigiň 2 etapdan emele gelendigi, birinji etapda deňizde habarlaşmak, ýangyna garşy göreş, näsazlygyň anyklanylmagy we kenara çykylýarka gämileriň goralmagy hakynda maglumat berlendigi, ikinji etapda bolsa deňiz güýçleriniň suwyň aşagyna ýerleşdirlen minalaryň saplanmagy, roketa we top atmak ukyplarynyň gözden geçirlendigi bellenildi.

Katar Britaniýanyň bilelikdäki harby türgenleşik 2 gün dowam eder.

 



Degişli Habarlar