Fransiýa arap ýurtlaryna Katara goýan embargolarynyň ortadan aýrylmagy üçin çagyryş berdi

Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian Dohada saparda boldy

Fransiýa arap ýurtlaryna Katara goýan embargolarynyň ortadan aýrylmagy üçin çagyryş berdi

Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian arap ýurtlaryna Katara goýan we halka zeper ýetirýän embargolarynyň ortadan aýrylmagy üçin çagyryş berdi.

Le Drian hepdäniň ahyrynda Kataryň paýtagty Dohada saparda boldy.

Katarly kärdeşi Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşan fransuz ministr “Fransiýa arap ýurtlaryna  halka we esasan hem başga ýurtlardan bolan maşgalalara zeper ýetirýän embargolaryň gyssagly ortadan aýrylmagy çagyryşyny berýär” diýdi.

Le Drian “Resmi Pariž krizisiň başyndan bäri ähli ýurtlaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin tagalla etdi. Mesele hakynda Kataryň Daşary işler ministri bilen birnäçe gezek pikir alyşdym” diýdi.

Geçen hepde Pars aýlag ýurtlarynda saparda bolan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson hem Britaniýanyň we Kuweýdiň Daşary işler ministrleri bilen birlikde Katar krizisiniň gyssagly çözülmegi babatynda çagyryş beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar