DAIŞ-iň Owganystandaky DAIŞ-Horasan toparynyň lideri Ebu Saýed öldürildi

ABŞ-nyň we owgan güýçleri mart aýynda ýurdyň Nangarhar welaýatynda DAIŞ-e garşy operasiýa başladypdy

DAIŞ-iň Owganystandaky DAIŞ-Horasan toparynyň lideri Ebu Saýed öldürildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak ministrligi (Pentagon) terror guramasy DAIŞ-iň Owgansystandaky DAIŞ-Horasan toparynyň lideri Ebu Saýediň öldürilendigini mälim etdi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisiniň beren ýazmaça beýanatynda terror guramasy DAIŞ-iň Kunar welaýatyndaky merkezine 11-nji iýulda hüjüm guralandygy habar berildi.

ABŞ-nyň we owgan güýçleri mart aýynda DAIŞ-iň Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Nangarhar welaýatyndan saplamak üçin sebite operasiýa başladypdylar.

 


Etiketkalar: Pentagon , lider , Owganystan , DAIŞ , Nangarhar

Degişli Habarlar