Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Saud Arabystanyna holera babatynda duýduryş berdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Ýemendäki holera (Mergi) epidemiýasynyň Saud Arabystanyna syçrap biljekdigini duýdurdy

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Saud Arabystanyna holera babatynda duýduryş berdi

Gurama tarapyndan çap edilen beýannamada resmi Riýatdan çäre görülmegi islendi.

Ýemendäki holera epidemiýasynda 11 hepdede 1700-den gowrak adam ýogaldy, 334 müň adam şol kesel bilen keselledi.

Birnäçe hepde ozal her gün 40-a golaý adam holera sebäpli ýogalan hem bolsa, şol san häzirki wagtda 6 adama çenli peseldi.

Ýemende häzirki wagtda her gün 6 müň adam holera keseli bilen keselleýär.

Ýemendäki epidemiýa goňşy ýurtlara hem howp salýar.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy holera wakalarynyň käbir Afrika ýurtlarynda hem gabat gelinendigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar