NATO-dan 15-nji iýul ýüzlenmesi

Ýens Stoltenberg şol gije ýogalan adamlary hormat bilen hatyralaýandygyny belledi

NATO-dan 15-nji iýul ýüzlenmesi

Agdarlyşyk synanyşygynyň birinji ýyly sebäpli ýazmaça ýüzlenme çap eden NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg 15-nji iýul gijesi agdarlyşyk synanyşygynyň edil yz ýany NATO-nyň möhüm hyzmatdaşy Türkiýäniň ýanyndadygyny we agdarlyşyk synanyşygyny şol bada ýazgarandygyny ýatlatdy.

Stoltenberg agdarlyşyk synanyşygyndan soň Ankara sapar gurandygyny belläp: "Huntaçylar tarapyndan mejlisiň binasyna ýetirilen zeperi görenimde haýran galanymy entegem ýadymdan çykarmadym" diýdi.

Şol gije ýogalan adamlary hormat bilen hatyralaýandygyny aýdan Ýens Stoltenberg: "Türkiýäniň saýlanan hökümetine we demokratik guramalaryna garşy guralan agdarlyşyk synanyşygyna garşy dik duran türk halkyny takdyr edýärin" diýdi.



Degişli Habarlar