Dört ýurt Katary günäkärledi

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn we Müsür Katary krizisiň çözgüdi üçin alynyp barylýan ähli diplomatik tagallalary boşa çykarmak bilen günäkärledi

766375
Dört ýurt Katary günäkärledi

Ady agzalan 4 ýurt Kataryň talap sanawyna beren jogabyny Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah El-Ahmed El-Jabir Es-Sabahdan alanlaryndan soň bilelikde ýazmaça beýanat berdi.

Bu ýurtlaryň habarlar gulluklary tarapyndan aýan edilen beýanatda Kataryň hökümediniň talaplara beren jogabyny “Kesirlik” we “Garşy durmak” hökmünde häsýetlendirildi.

“Katar krizisiň çözgüdi üçin alynyp barylýan ähli diplomatik tagallalary boşa çykardy” diýilip günäkärlenýän beýanatda ady agzalan 4 ýurdyň howpsyzlygyny we asudalygyny gorajak ýagdaýda amatly bir wagtda hukuk, ykdysady we syýasy taýdan ähli çäreleri görjekdigi mälim edildi.

Katar berilen möhlediň dolandygy we talaplaryň mundan beýläk güýçsizdigi aýdylýan beýanatda: “Kataryň talaplary kabul etmezligi, terror guramalary bilen bolan aragatnaşygynyň göwrümini görkezýär” diýildi.



Degişli Habarlar