Günorta Hytaý deňizinde dartgynly sagatlar...

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Lu Kang mesele bilen baglanşykly beýanat berdi

763228
Günorta Hytaý deňizinde dartgynly sagatlar...

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Günorta Hytaý deňizindäki Parasel adalarynyň suw giňişligine rugsatsyz giren USS Stethem atly amerikan harby gämisini harby uçarlaryň we gämileriň garşylandygyny habar berdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Lu Kang mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda: “2-nji iýulda USS Stethem atly amerikan esmines rugsatsyz ýagdaýda Parasel adalarynyň suw giňşiligine girdi. Şol sebäpli Hytaý amerikan gämisine duýduryş bermek we suw giňişligimizden çykarmak üçin harby gämilerini we harby uçarlaryny iberdi” diýdi.

Lu Kang: “Parasel adalary taryhdan Hytaýa degişli. ABŞ Nawigasiýa azatlygy baýdagynyň arkasyna gizlenip, ýene-de bir gezek rugsatsyz ýagdaýda, Hytaýyň kanunlaryny we halkara hukuk düzgün kadalaryny bozup, Hytaýyň özygtyýarlygyny gödek ýagdaýda basgylap, bu suw giňişliginde parahatçylyk, asudalyk we düzgün-kadalaryna palta uryp, adalaryň suw giňişligine harby gämisini iberdi” diýdi.



Degişli Habarlar