Ak Tam Russiýanyň beýanatyna jogap berdi

Ak Tamyğ metbugat geňeşçisi Spaýser gündelik metbugat ýygnagyny gecırdı

756154
Ak Tam Russiýanyň beýanatyna jogap berdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Şon Spaýser Russiýanyň Siriýadaky bölünşik kanalynyň wagtlaýyn bes edilmegi we Ýewfrat derýasynyň günbataryna geçen uçarlaryň od açylyp, ýok edilip bilnjekdigi bilen bagly beýanatyna: “Siriýanyň hökümeti we beýlekiler DAIŞ-e garşy döredilen hyzmatdaş güýçleriň özlerini gorap biljekdigini bilsinler” diýdi.

Metbugat geňeşçisi Spaýser gündelik metbugat ýygnagynda Siriýadaky soňky ýagdaý we ABŞ bilen Russiýanyň arasynda barha artýan dartgynlygyň üstünde durup geçdi.

Çaknyşyklaryň artmagynyň sebitdäki krizisi has hem çykgynsyzlaşdyrjakdygyny aýdan Spaýser: “Bu sebitde bar bolan güýçleriň öz arasynda söweşmekleri hiç tarapa peýda getirmez” diýdi.

Metbugat geňeşçi mejbur bolan halatlarynda harby hereketleri ulanyp biljekdiklerini belläp: “Siriýanyň hökümeti we beýlekiler DAIŞ-e garşy döredilen hyzmatdaş güýçleriň özlerini gorap biljekdigini bilsinler” diýdi.



Degişli Habarlar