Owganystanyň demirgazygynda Talibanlylar tarapyndan hüjüm guraldy

Hüjümde 4 esger ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda Talibanlylar tarapyndan hüjüm guraldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Sari Pul welaýatynda Talibanly başbozarlar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 4 esger ýogaldy.

Sari Pul welaýatynyň häkimliginiň metbugat geňeşçisi Zabihullah Amani esgerleriň harby birikmeden çykyp, Sari Pul welaýatynyň Balgali diýilen ýerindäki derýadan suw almaga synanyşan mahaly Talibanly başbozarlaryň hüjümine sezewar galandygyny mälim etdi.

Amani başbozarlaryň esgerleriň ulagyny alyp, wakanyň bolan ýerinden uzaklaşandyklaryny habar berdi.

Taliban bolsa waka bilen baglanşykly entek beýanat bermedi.

 



Degişli Habarlar