Kuweýdiň Emiri Katar krizisiniň çözülmegini umyt edýär

Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah El Ahmed El Jabir As Sabah Pars aýlagy ýurtlarynyň arasyndaky gynandyryjy düşünişmezçilikleriniň remezan aýynda çözülmegine umyt bildirýär

Kuweýdiň Emiri Katar krizisiniň çözülmegini umyt edýär

Emir Sabah Kuweýdiň döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda: “Bu mukaddes aýda we mübärek gijelerde Katar krizisiniň çözülmegini, gynandyryjy düşünişmezçilikleriniň dialog arkaly çözülmegini umyt edýäris” diýdi.

Pars aýlagy ýurtlarynyň arasyndaky taryhy gözbaşa, maşgala gatnaşyklaryna we umumy maksatlary göz öňünde tutan Sabah şol çäkde halkyň umydynyň we tamasynyň durmuşa geçirilmegi we aragatnaşyklarynyň dowam etmegi üçin tagalla etjekdiklerini habar berdi.

Sabah mundan başgada terror howpyny bilýän Kuweýdiň terroryň islendik görnüşine garşy göreş üçin halkara jemgyýete goldaw berýändigini we terror çeşmeleriniň ýok edilmegi üçin işler alyp barýandygyny mälim etdi.


Etiketkalar: krizis , Katar , telewideniýe , Emir , Kuweýt

Degişli Habarlar