Pakistanda musulman iňlis zenan 500 ýetim çaga seredýär

Iňlis Gufran Kureýşi 20 ýyl ozal musulman boldy we şol günden bäri Pakistana 3 ýetimhana açyp hossarsyz çagalara seredýär

musluman, ingiliz, pakistan.jpg

Kureýşiniň hekaýasy 1976-njy ýylda Britaniýada pakistanly Muhammed Ahmet Kureýşi bilen tanşyp onuň bilen durmuş gurmagy bilen başlaýar.

Londonly katolyk maşgala gyzlary Gurfanyň pakistanly musulman ýigit Muhammet Ahmet bilen durmuş gurmagyna garşy çykýar.

Gurfan maşgalasynyň garşylygyna garamazdan musulman ýigit bilen durmuş gurýar we musulmanlygy kabul edýär.

Britaniýada gysga wagtlygyna ýetimhanada işlän Kureýşi ol ýerde musulman çagalar halal naharlaryň berilmezligine garşylyk görkezýär we işden çykýar.

Adamsy bilen 1992-nji ýylda Pakistana gelen Kureýşi ýetim çagalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga başlaýar we hossarsyz çagalaryň yslamyň we döwrebap bilimiň kadalaryna laýyklykda bilim almaklary maksady bilen ýetimhana açýar.

Ilkinji ýetimhanasyny Rawalpindi şäherinde açan Kureýşi Karaçy we Haniwal şäherlerinde açan ýetimhanalarynda jemi 500 çaga seredýär.

Kureýşi Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda “Ýoldaşym bilen birlikde hossarsyz çagalaryň ýokary bilim almaklary we yslamyň kadalaryna laýyklykda kemala gelmekleri maksady bilen ýetimhana açdyk. Şeýlelikde ýetimhanalarymyzdaky çagalar ulalyp kemala gelenlerinde ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelerler” diýdi.

“Çagalara diňe bilim bermek bilen çäklenmeýäris, şol bir wagtda ukyplaryny ýüze çykarmaklaryna goldaw berýäris”diýen Kureýşi “Käbir gyzlarymyz häzir öz köýneklerini dikýär”diýip belledi.

Ýetimlere eýe çykýandygy üçin özüni bagtly hasap edýändigini aýdan Kureýşi “Men siz berseňiz Alla size has köp berer ynanjyna ynanýaryn. Niýetiňiz gowy bolsa we dogry ýolda bolsaňyz Alla size kömek eder”diýdi.


Etiketkalar: ýetim , çaga , zenan , musulman , Pakistan

Degişli Habarlar