Norwegiýanyň mekdeplerinde ýapynja we ýüz örtgüsi geýmek gadagan ediler

Norwegiýanyň mekdeplerinde güýz paslyndan başlap ýapynja we ýüz örtgüsi geýmek gadagan ediler

Norwegiýanyň mekdeplerinde ýapynja we ýüz örtgüsi geýmek gadagan ediler

Döwlet telewideniýesi NRK-e beýanat beren ýurdyň Bilim ministri Torbýern Ro ýapynja we ýüz örtgüsi ýaly ýüzi dolulygyna ýapmagy gadagan edýän kanun taslamasynyň ýurdyň Ministrler kabinetiniň mejlisi tarapyndna tassyklanandygyny we güýz paslyndan başlap ýola goýuljakdygyny habar berdi.

Ýüzleri dolulygyna ýapyk bolan okuwçylaryň mugallymlar bilen aragatnaşykda kynçylyk çekýändigini aýdan ministr Ro: “Okuwçylaryň başarnykly bolmaklary üçin mugallymlaryň has gowy aragatnaşyk saklamagy möhüm. Şol sebäpli ýüzi ýapýan ähli örtgileri gadagan etmek barada karar kabul etdik” diýdi.

Ro gadagançylyga boýun egmeýänlere garşy hiç hili jeza berilmejekdigini mälim etdi.


Etiketkalar: ýüz , mugallym , okuwçy , mekdep , Norwegiýa , NRK

Degişli Habarlar