Liwiýanyň suw giňişliginde 1 müňden gowrak bosgun halas edildi

Liwiýa müňlerçe bosgunyň Ortaýer deňiziniň üsti bilen Ýewropa geçmek üçin ýer ýagdaýyna öwrüldi

Liwiýanyň suw giňişliginde 1 müňden gowrak bosgun halas edildi

Emma abat bolmadyk gaýyklar bilen başlaýan ýolagçylyklaryň soňy heläkçilik bilen tamam bolýar.

Bosgunlaryň Ýewropa girelge gapylarynyň biri bolan Italiýada bolsa bosgun çagalara raýatlyk berilmek bilen baglanşykly kanun taslamasy senatyň garamagyna hödürlendi.

Aşa sagjy syýasatçylar bosgun çagalara raýatlyk berilmegine garşy çykdylar.

Senatorlar “Ilki bilen italiýanlar” we “Basyp alyjylyga dur diý” diýip ýazylan şygarlary açmak islediler.

Parlamendiň resmileri rugsat bemändigi sebäpli dartgynlyk ýüze çykdy.



Degişli Habarlar