Indoneziýada 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Günbatar Ýawa welaýatynda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

750600
Indoneziýada 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi güýç merkezi Günbatar Ýawa welaýatynyň Sukabumi şäheriniň 179 kilometr günorta-günbatarynda bolan ýer titremäniň ýeriň 10 kilometr aşagynda emele gelendigini mälim etdi.

Indoneziýanyň Milli apatlar dolanşyk agentligi ýerli wagt bilen sagat 06:15-de bolan ýer titremäniň paýtagt Jakarta başda bolmak bilen ýurdyň ençeme sebitinde duýulandygyny we adamlarda howsala döredendigini habar berdi.

Ýer titreme sebäpli ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok.

Indoneziýanyň Meteorologiýa, yklym we geofizika guramasy ýer titremeden soň sunami howpynyň bolmajakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar