Owganystanyň Logar welaýatynda bolan partlamada asuda ilat ýitgisi boldy

Owganystanyň Logar welaýatynyň Muhammed Aga etrabynda bolan partlamada asuda ilatdan 11 adam ýogaldy

Owganystanyň Logar welaýatynda bolan partlamada asuda ilat ýitgisi boldy

Muhammed Aga etrabynyň häkimi Nasir Amin ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň geçýän wagty ýarylandygyny mälim etdi.

Amin partlamada ulagdaky 5-si çaga bolan 11 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümiň jopapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

 


Etiketkalar: häkim , asuda ilat , Owganystan , Logar

Degişli Habarlar