Owganystanda ýenede bir hüjüm guraldy

Hadysada 1 adam ýogaldy

Owganystanda ýenede bir hüjüm guraldy

Owganystnyň Hyrat welaýatynda harby mikrowatobusa guralan hüjümde 1 esger ýogaldy, 1-i asuda ilatdan bolan 2 adam bolsa ýaralandy.

Hyradyň welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Jeýlani Farhad şahsyýeti anyklanmadyk adamlaryň Haji Abbas sebitinde esgerleri daşaýan mikroawtobusa hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Farhad hüjümiň arkasynda terror guramasy DAIŞ-iň bardygyny pikir edýändikerini habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.


Etiketkalar: DAIŞ , welaýat , Hyrat , Owganystan

Degişli Habarlar