Eýranda prezident we welaýat deputatlarynyň saýlawlary geçirilýär

Eýranyň halky şu gün prezident we welaýat deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşarlar

Eýranda prezident we welaýat deputatlarynyň saýlawlary geçirilýär

63 müň merkezde gurulan 130 müň gutyda ses bermek işleri başlady.

Prezident saýlawlarynyň reformistlerleriň we ylymly konserwatorlaryň goldawyny alan Hasan Ruhani bilen konserwatorlaryň dalaşgäri Ibrahim Reisiniň arasynda geçmegine garaşylýar.

Eýranda 56 milliondan gowrak bellige alynan saýlawçy bar.

Ýurdyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý ses bermek işleriniň başlamagy bilen prezident saýlawlaryna bolan gatnaşygyň ýokarydygyny belläp, halky saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy.

Eýranda Prezident saýlawlary üçin Konstitutsiýanyň goragçylary tarapyndan kesgitlenen 6 dalaşgäriň 2-si saýlawlara gatnaşmajakdyklaryny habar berdiler.

Ýurdyň Wise-prezidenti reformist dalaşgär Ishak Jihangiri Prezident Ruhana goldaw berýändigini yglan edip saýlawdan çekilen bolsa, halkyň konserwator gatlagynyň dalaşgärleriniň biri bolan Tähran şäheriniň häkimi Muhammed Bakyr Galibaf bolsa Reisä goldaw berýändigini aýdyp, saýlawdan çekildi.



Degişli Habarlar