“Fransiýa ÝB-niň täze we täsirli syýasat alyp barmagyny üpjün eder”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurdunyň ÝB-niň has täsirli syýasat alyp barmagy üçin tagalla etjekdigini aýtdy

“Fransiýa ÝB-niň täze we täsirli syýasat alyp barmagyny üpjün eder”

Makron Elysse köşgünde Ýewropa geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen duşuşdy.

ÝB-niň gurluşynyň gözden geçirilmelidigini nygtan Fransiýanyň Prezidenti Makron Tusk bilen bu mesele hakynda pikir alyşandyklaryny we gyssagly işe girişjekdiklerini nygtady.

“Fransiýa ÝB-niň täze we täsirli syýasat alyp barmagyny üpjün eder” diýen Makron Tuskyň Ýewropa Geňeşiniň lideri hökmünde täze döwürüň netijeli bolmagy üçin tagalla etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk hem Makrony nazarda tutmak bilen “Men Ýewropanyň guramalaryndan däl eýsem siziň ýeňişiňize umytly garaýan millionlarça ýewropalydan söz edýärin” diýdi.

Fransiýanyň täze Prezidenti Emmanuel Makron ýewro zolagynyň güýçlendirilmegi, serhetleriň howpsyzlygy we bosgun syýasaty ýaly birnäçe meselesinde ÝB-niň kadalaryna üýtgetme girizilmegini isleýär.

 



Degişli Habarlar