DAIŞ Pakistanda hüjüm gurady

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 25 adam ýogaldy

731258
DAIŞ Pakistanda hüjüm gurady

Pakistanyň Belujistan welaýatynyň Mastung şäherinde Senatyň başlygynyň orunbasary Abdulgafur Hýdariniň ulag kerweniniň nyşana alynyp guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 25-e ýetdi.

Hüjümde şeýle hem 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde Haýdari ýaralanmadan halas boldy.

Ýerli telewideniýe partlama sebäpli ençeme ulaga hem zeper ýetendigini habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

 


Etiketkalar: #Pakistan , #DAIŞ , #senat , #orunbasar

Degişli Habarlar