Sinjan Uýgur awtanomiýasynda musulman atlarynyň goýulmagy gadagan edildi

Hytaý, Sinjan Uýgur awtanomiýasynda musulman atlarynyň goýulmagynyň gadagan edilendigini habar berdi

720772
Sinjan Uýgur awtanomiýasynda musulman atlarynyň goýulmagy gadagan edildi

Uýgur awtanomiýasyna degişli bolan karar bilen “Muhammet” adynyň goýulmagynyň hem öňi alynmak islenýär.

“Radikallygyň” öňüni almak maksady bilen kabul edilendigi öňe sürülýän karara görä mundan beýläk dini atlary göterýän musulman çagalary bellige alynmaz.

Şol atlary göterýän çagalar atlaryny üýtgetmese döwlet mekdeplerine gitmeklerine we sosial üpjünçilikden peýdalanmaklaryna rugsat berilmez.

Karara görä goýulmagy gadagan edilen atlaryň hatarynda; Muhammet, Aýşe, Patma, Hatyja, Mujahid, Jihat, Talib, Ymam, Muslima, Sümeýýe, Nasrullah, Turknaz, Turkzat, Hajy, Arafat, Medine, Şemseddin, Seýfullah, Abdulaziz, Saddam, Ben Ladin, Esedullah, Muhlise” ýaly köp sanly adam ady bar.

Sinjan Uýgur awtanomiýasynda atlar bilen birlikde erkeklerde artykmaç uzyn sakal goýmagyň hem gadagan edilendigi habar berildi.

Merkezi Waşingtonda ýerleşýän Uýgur Amerikan Jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary İlsat Hesen kabul edilen kararyň “samsyklykdygyny” beýan edip, uýgur musulmanlaryna garşy assimilasiýa syýasatynyň mysallaryndan biridigini nygtady.

“Çagalara dini we etniki atlaryň goýulmagy ýönekeý adam hukugy” diýen Hesen, bu gadagançylygyň Hytaýyň konstitutsiýasynda-da esaslanmasynyn bolmandygyny aýtdy.

Adam hukuklary guramasy hem musulmanlara goýulan bu gadagançylygyň “Gülkünç çäklendirmedigine” ünsi çekmek bilen reaksiýa bildirdi.

Gurama atlaryň ene-atalar tarapyndan goýulmagynyň iňňän şahsy meseledigine ünsi çekdi we oňa döwletiň goşulyşyp bilmejekdigini nygtady.

Adam hukuklary guramalary Hytaýy Sinjan Uýgur awtanomiýasynda halka berk we zalymlarça çemeleşýändigi, öýlerde bikanun barlag geçirýändigi, musulmançylygy çäklendirmegi, medeniýetlere we dillere assimilýasiýa syýasatyny alyp barýandygy üçin günäkärleýär.



Degişli Habarlar