Ysraýyl Müsür bilen gümrük geçelgesini ýapdy

Beýanatda Ysraýylyň raýatlaryna howpsyzlyk sebäpli Müsüri terk etmekleri çagyryşy berildi

709680
Ysraýyl Müsür bilen gümrük geçelgesini ýapdy

 

Müsüriň Tanta we Iskenderiýe şäherlerinde buthana guralan we 43 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň Ysraýyl Müsür bilen gümrük geçelgesini ýapdy.

Ysraýylyň Premýer ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Müsüriň Sina Ýarym adasyndaky terrorçylykly hüjümleriň ysraýyllylar bilen birlikde syýahatçylary nyşana alandygy aladasy bilen Taba gümrük geçelgesiniň ýapylmagy barada karar kabul edildi”diýildi.

Beýanatda Müsürden ýurtlaryna dolanmak isleýän ysraýylly raýatlaryň şol gümrük geçelgelerinden geçip biljekdigi emma müsüre geçişleriň gadagan edilendigi bellenildi.

Beýanatda Ysraýylyň raýatlaryna howpsyzlyk sebäpli Müsüri terk etmekleri çagyryşy berildi.

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Müsür , #baýanat

Degişli Habarlar