Perudaky silde ýogalan adamlaryň sany 91-e ýetdi

Peruda geçen aýyň başynda täsirli bolan sil apatynda azyndan 23 adam ýogalypdy, 37 adam ýaralanypdy

701429
Perudaky silde ýogalan adamlaryň sany 91-e ýetdi

Perunyň demirgazygyndaky Piura şäherinde 15 sagat dowam eden aşa ýagan ýagyşdan soň derýanyň hanasyndan çykmagy sebäpli emele gelen sil apatynda ýenede 4 adam ýogaldy.

Siliň suwunyň 1,8 metre ýetmegi sebäpli derýänyň golaýyndaky Katakaos şäherçesinden 500-den gowrak adam başga ýerlere göçürildi.

Şäherçedäki ýenede ýüzlerçe adam howpsyz ýerlere alynyp gidilmäge garaşýar.

Perunyň Milli gyssagly ýagdaýlar merkezinden Jorj Çawez ýurtda soňky 10 ýylyň iň köp ýagyşynyň ýagandygyny mälim etdi.

Çawez sil apatynyň Piura şäheriniň merkezinde ýaşaýan 10 müň adama täsir ýetirendigini, şol sany Katakaos şäherçesinde bolsa 20 müňdigini belledi.

Peruda geçen aýyň başynda täsirli bolan sil apatynda azyndan 23 adam ýogalypdy, 37 adam ýaralanypdy.


Etiketkalar: #Peru , #sil apaty , #merkez , #Katakaos

Degişli Habarlar