Owganystanda guralan howa hüjümlerinde Al Kaýdanyň liderleriniň biri öldürildi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi 19-njy martda Owganystanda guralan howa hüjümlerinde Al Kaýdanyň liderlerinden Kari Ýasiniň öldürilendigini mälim etdi

699858
Owganystanda guralan howa hüjümlerinde Al Kaýdanyň liderleriniň biri öldürildi

Pentagon tarapyndan berilen beýanatda Paktika welaýatyna guralan howa hüjümlerinde öldürilen Ýasiniň 2008-nji ýylda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda ýerleşýän myhmanhananyň bombalanmagyndan we ol ýerde ýogalan 2 amerikan esgeriniň ýogalmagyndan we 2009-njy ýylda Şri Lankada kriket toparyna garşy guralan hüjümiň jogapkäridigi habar berilýär.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jim Mattis mesele bilen baglanşykly beren baýanatynda: "Kari Ýasiniň ölümi bigünä adamlary nyşana alýan terrorçylaryň adalatdan gaçyp bilmejekdiginiň subutnamasydyr" diýdi.



Degişli Habarlar