Suw ýetmezçiligi sebäpli 600 million çaga ölüm we hassalyk howpy bilen ýaşar

2040-njy ýylda dünýädäki suw ýetmezçiligi sebäpli 600 million çaga ölüm we hassalyk howpy bilen ýaşar

Suw ýetmezçiligi sebäpli 600 million çaga ölüm we hassalyk howpy bilen ýaşar

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNICEF “Bütindünýä suw güni mynasibetli çap eden habarnamasynda klimat çalşygy, guraklyk we dünýäniň birnäçe ýurdunda başdan geçirilýän çaknyşyklar sebäpli suw çeşmeleriniň gün saýyn azalýandygyna üns çekildi.

Habarnama görä, suwa bolan islegiň gün saýyn artýandygy we suw çeşmeleriniň azalýandygy sebäpli dünýäde 36 ýurt suw ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Her gün 5 ýaşyna ýetmezik 800 çaga arassa agyz suwy ýetmezçiligi sebäpli içgeçme sebäpli ýogalýar.

Suw çeşmeleriniň azalmagy sebäpli 2040-njy ýyla çenli dünýäde umuman alnanda her 4 çagadan 1-i ýagny 600 million çaga ölüm howpyny başdan geçirer.

Somalide, Günorta Sudanda, Nigerýada we Ýemende guraklyk we çaknyşyklar sebäpli 1,4 million çaga hem ýeterlik derejede iýmitlenip bilmeýär.

 

 

 


Etiketkalar: çaga , habarnama , suw , UNICEF

Degişli Habarlar