ABŞ-da 68 ýurdyň wekilleriniň gatnaşmagynda DAIŞ-e garşy göreş maslahaty geçirildi

Maslahat terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş bilen bagly geçirilen maslahatlaryň iň ulusy boldy

697402
ABŞ-da 68 ýurdyň wekilleriniň gatnaşmagynda DAIŞ-e garşy göreş maslahaty geçirildi

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda aralarynda Türkiýe hem bolan 68 ýurdyň Daşary işler ministrleriniň  we wekilleriniň gatnaşmagynda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik etdi.

Maslahat terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş bilen bagly geçirilen maslahatlaryň iň ulusy boldy.

Maslahatyň açylyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson çykyş etdi.

Tillerson çykyşynda Türkiýäniň Ýewfrat galkany operasiýasynyň we Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş babatynda edýän tagallalarynyň üstünde duryp geçdi.

Tillerson: “Türkiýe Ýewfrat galkany operasiýasy bilen Siriýa serhedindeki DAIŞ howpyny uzaklaşdyrdy, häzirki wagtda serhet howpsyzlyk astynda we mundan beýläk hem şeýle dowam eder diýip tama edýäris” diýdi.

Tillersin bosgunlaryň öýlerine gaýdyp barmaklary üçin wagtlaýyn howpsyz zolaklaryň dörediljekdigini habar berdi.

Tillersin şol zolaklaryň nirede guruljakdygy barada bolsa maglumat bermedi.

Maslahatyň çäginde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ençeme ýurdyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

 Mewlüt Çawuşogly DAIŞ-e garşy göreş alynyp barylýan mahaly beýleki terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk edilmeli däldigini belläp, bular ýaly herekediň ýagdaýy has hem çykgynsyzlaşdyrjakdygyny belledi.

 
DAIŞ-iň ortadan aýrylmagy we ondan soň ediljek ädimleriň örän gowy edip hasaplanmalydygyny aýdan Çawuşogly täze meseleleriň ýüze çykmazlygy üçin halkara hyzmatdaş güýçlerine has ünsli çemeleşmäge çagyrdy.



Degişli Habarlar