Russiýa Owganystan temaly maslahata ABŞ-ny gatnaşmaga çagyrdy

Russiýa 14-nji aprelde paýtagt Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän Owganystan temaly maslahata ABŞ-ny gatnaşmaga çagyrdy

695182
Russiýa Owganystan temaly maslahata ABŞ-ny gatnaşmaga çagyrdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow rus metbugatynda beren beýanatynda: “Fewral aýynda sebitiň ähli ýurtlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdik. 14-nji aprelde şol maslahaty has hem giňelderis. Orta Aziýanyň 5 ýurdunyň wekillerini we ABŞ-ny maslahata çagyrdyk” diýdi.

Rus dipolmat ABŞ-nyň maslahata gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny enten bilmeýändiklerini belledi.

Talibanyň maslahat gatnaşmajakdygyny aýdan Kabulow: “Bu gepleşiklere hökümediň we döwlediň wekilleri gatnaşýar. Taliban herekedi bolsa hökümet däl” diýdi.

15-nji fewralda Moskwada geçirilen Owganystan temaly maslahata Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Hindistanyň we Owganystanyň wekilleri gatnaşdylar.

14-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahada bolsa 12 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar