Ysraýylyň Premýer ministri Russiýa sapar gurar

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu 9-njy martda resmi sapar bilen Russiýa gider

685353
Ysraýylyň Premýer ministri Russiýa sapar gurar

Ysraýylyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Ofir Gendelman beren ýazmaça beýanatda Netanýahunyň Moskwa saparynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjakdygy mälim edilýär.

Duşuşykda Siriýa krizisi we Eýranyň Siriýadaky barlygy ýaly meseleleriň üstünde durulyp geçiljekdigini habar beren Gendelman Eýranyň Siriýadaky güýjüniň artandygyna ünsleri çekdi.

Ysraýyl Siriýada içerki uruşyň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Golan depeleriniň Siriýa tarapyndan öz serhedine raketa atylandygyny öňe sürüp, aram-aram Siriýanyň toparklaryna we ol ýerde Eýran tarapyndan goldanýan Hizbullah güýçlerine garşy operasiýa geçirýär.

Netenýahunyň Moskwa sapary Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 9-10-njy mart aralygyndaky saparyna gabat gelýär.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Putiniň 9-njy martda Netanýahu bilen, 10-njy martda bolsa Erdogan bilen duşuşjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar