Saud Arabystanynda ilkinji gezek zenan dekan bellendi

Saud Arabystanynda döwlet uniwersitetine ilkinji gezek zenan dekan bellendi

681018
Saud Arabystanynda ilkinji gezek zenan dekan bellendi

Bilim ministrligi ýurduň taryhynda ilkinji gezek ýaş gyzlara we oglanlara bilim berýän uniwersitete zenan dekan belledi.

Bilim ministrliginiň karary bilen Taif uniwersitetiniň Medisina fakultetiniň dekanlygyna bellenen Prof. Dr. Delal Muhyddin Nemnekatiniň ylmy üstünlikleri sebäpli bu wezipä laýyk görlendigi nygtaldy.

Taif uniwersitetinde zenan dekanyň bellenmeginiň ýakynda başga uniwersitetlere görelde boljakdygy nygtalýar we bu kararyň zenanlaryň iş durmuşy taýdan uly başlangyçdygy bellenilýär.

 



Degişli Habarlar