Asada tabynlykdaky güýçler oppozisionerleri bombalaýar

Siriýada Asada bagly güýçler ýurtdaky içerki söweşe çözgüt tapmak maksady bilen Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde dowam etdirilýän gepleşiklere garamazdan oppozisionerleri bombalamaklaryny dowam etdirýärler

Asada tabynlykdaky güýçler oppozisionerleri bombalaýar

Ýurduň günorta-günbataryndaky Dera şäherinde oppozisonerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guralan howa hüjümlerinde 10 adam ýogaldy, 39 adam ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçler Harasta etrabynda asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine ýanýan napalm bombalary bilen hüjüm gurady.

Hüjümde köp sanda adam ýaralandy, napalm bombalary sebäpli bolsa binalarda ýangyn ýüze çykdy.

Damaskyň gündogaryndaky Harasta etraby 19-njy fewralda Asada tabynlykdaky güýçleriň raketalar bilen hüjüm guranlygy sebäpli oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Kabun etrapçasyndan gaçan takmynan 3 müň maşgalany kabul edipdi.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Mistura Russiýanyň Başar Asatdan Ženewa gepleşikleri dowam etdigi saýyn howa hüjümleriniň bes edilemgini isländigini belläpdi.



Degişli Habarlar