Siriýada 4 rus esger ýogaldy, 2 esger bolsa ýaralandy

Russiýanyň Goranmak ministrligi 16-njy fewralda Siriýada bir ulagyň partladylmagy netijesinde 4 rus esgeriniň ýogalandygyny, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi

676332
Siriýada 4 rus esger ýogaldy, 2 esger bolsa ýaralandy

Ministrlikden berilen beýanata görä Tiýas howa bazasyndan Humusa tarap barýan ulag kerweni 16-njy fewralda nyşana alynyp, hüjüm guraldy.

Beýanatda 4 rus esgeriniň ýogalandygy, 2-siniň bolsa ýaralandygyny habar berilýär.

Asada tabynlykdaky güýçlerden näçe adamyň ýogalandygy barada bolsa maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar